Sepleriň elýeterliligi

Gazak tigirçisi özüniň ykbaly barada


Gazagystanyň belli tigirçisi Aleksandr Winokurow

Gazagystanyň belli tigirçisi Aleksandr Winokurow

Ähli professional tigirçiler ýaly, Aleksandr Winokurow üçin hem agyry täzelik däl.

2003-nji ýylda onuň iň ýakyn dosty, tigirçi Andreý Kiwilýew Fransiýadaky ýaryşda ýykylyp, kellesine ýeten şikes sebäpli aradan çykypdy.

Doping dawasy

Dört ýyl soňra Winokurowyň ganynda doping maddalary tapylyp, oňa iki ýyllap ýaryşlara gatnaşmak gadagan edildi. Şol sebäpden Winokurow Pekinde geçirilen olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmändi.

2011-nji ýylda ”Tur de Frans” ýaryşynda onuň guýmaç süňki döwüldi. Şol wakadan bir hepde geçensoň ol sporty taşlap, dynç alyşa çykýandygyny yglan etdi. Ol şu tomus sporta gaýtadan dolanyp, olimpiýa oýunlarynda altyn medaly almagy başardy.

Gazak tigirçisi Londonda gazanan altyn medaly bilen “mundan öňki şowsuzlyklarynyň üstüni örtendigini” aýdýar. Şeýle-de Winokurow ýaryşlardan çetleşdirilenden soň gaýdyp öňki durkuna dolanyp bilmez diýen tankytlary hem puja çykarandygyny belleýär.

Winokurow Almata şäherinde geçirilen metbugat konferensiýasynda: "2007-nji ýylda men doping bilen bagly dawa uçradym. Şol sebäpden hem Pekindäki olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmändim. Iki ýylyň dowamynda hiç hili ýaryşlara gatnaşmadym emma türgenleşmegi dowam etdim" diýip, belledi.

Ol soňra: "Tankytçylaryň aglabasy maňa garşy çykyş edýärdiler, olar meniň agyr ruhy urgyny başdan geçirenim üçin, hiç haçan sporta gaýdyp gelmejegimi nygtapdylar. Ýöne indi bu zatlaryň ählisi geçmişde galdy" diýip belledi.

Gazak tigirçisine edilen tankydy gürrüňlere garamazdan, saryýagyz Winokurow öz janköýerleriniň arasynda "Wino" diýlip atlandyrylyp, ol dünýäniň tanymal tigirçisi hökmünde ykrar edilýär.

Sportdaky üstünlikleri

Ol türgenleşmäge 11 ýaşynda, dogduk ýeri Bişkul şäherçesinde başlapdy. Ondan soň ol 1998-nji ýylda Fransiýa baryp, şol ýerde hem öz hünärini professionallyk derejesine ýetirdi.

Winokurow dünýä çempionatlarynda iki bürünç medalyny gazandy, 2006-njy ýylda “Wuelta a Espanýa” ýaryşynda çempion adyna mynasyp boldy we 2003-nji ýylda bolsa ol “Tur de Frans” ýaryşynda "iň erjel sürüji" diýen ady aldy.

Şol ýyl geçirilen “Tur de Frans” ýaryşynda Winokurow üçünji bolupdy, ikinjiligi bolsa germaniýaly Ýan Ullrik, birinji orny bolsa ABŞ-ly tigirçi, şol ýaryşda ýedinji gezek dünýä çempiony bolan Lans Armstrong eýeläpdi.

Doping dawasyny başdan geçiren Winokurow bu waka barada gürrüň etmegi halamaýar. Şeýle hem ol doping maddalaryny ulanandygy barada ýöňkelýän aýyplamalara garşy Armstrongyň göreşini bes edendigi baradaky habaryň özüni gynandyrandygyny belledi. Bu ýagdaý Armstrongy ähli sylaglaryndan mahrum eder.

"Bu tigir ýaryşlarynda uly waka boldy. Bu “Tur de Frans” ýaryşlarynyň abraýyna zyýan ýetirer" diýip, Winokurow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Elbetde, biz örän gynanýarys. Doping dawalary zerarly tigir ýaryşlaryna köp zeper ýetýär. Armstrongyň ýedi ýylky zähmeti puja çykaryldy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Winokurow Armstongyň häzirki ýagdaýyna gowy düşünýändigini belläp, ABŞ-ly tigirçiniň dünýäniň ähli janköýerleri üçin hemişe gahryman bolup galjakdygyny aýtdy.

Iki çaganyň atasy Winokurow mundan beýläk ýaryşlardan düýbünden çekilýändigini aýtdy. Onuň deregine ol Gazagystanyň täze tigirçiler neslini, şol sanda Arman Kamyşew we Alekseý Lutsenko ýaly tigirçileri türgenleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

"Biziň örän zehinli ýaş sportsmenlerimiz bar. Men adamlar Gazagystan barada pikir edenlerinde, ”Borat” kionosy barada däl-de, Astana şäheri barada pikirlenmegini isleýärin" diýip, Winokurow aýtdy.
XS
SM
MD
LG