Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Romneý Respublikan partiýasynyň teklibini kabul etdi


ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň Florida ştatynda geçirýän gurultaýynda penşenbe güni giçlik Mitt Romneý prezidentlige dalaş etmek barada öz partiýasynyň eden teklibini resmi ýagdaýda kabul edýändigini yglan etdi.

Özünin bu barada eden çykyşynda ol prezident Barak Obamany öz wadalaryny berjaý etmänlikde tankytlady we özüniň prezident saýlanan halatynda ABŞ-nyň ykdysadyýetini ýokary götermeklige söz berdi.

Respublikan partiýasyndan kandidat saýlanan Mitt Romneý şu ýylyň 6-njy noýabrynda Demokratik partiýadan ikilenji tapgyr prezidentlige dalaş etjek Barak Obama bilen bäsleşer.
XS
SM
MD
LG