Sepleriň elýeterliligi

Eýran BMG-niň atom agentliginiň tankytlaryny ret edýär


Anna güni Eýranyň resmileri bu ýurduň urany baýlaşdyrmak işlerini güýçlendirendigi barada BMG-niň atom agentliginiň ýaýradan tankydy hasabatyny ret etdi.

Eýranyň parlament deputaty Kazem Jalali ISNA habar agentligine beren interwýusynda Eýranda halkara sammitiniň geçirilýän häzirki günlerinde şeýle tankydy hasabatyň ýaýradylmagyny syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyrdy.

BMG-niň atom agentliginiň soňky hasabatynda Eýranyň “Fordow” diýlip atlandyrylýan ýadro merkezinde urany baýlaşdyrmak işlerini görnetin artdyrandygy öňe sürülýär.
XS
SM
MD
LG