Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Tährandaky sammitde çykyş etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan halkara guramanyň Tährandaky sammitinde çykyş etdi.

Öz çykyşynda ol häzirki zamanyň käbir global meseleleri we olaryň çözgütleri barada-da durup geçdi.

Çykyşynyň ahyrynda Berdimuhamedow 2015-nji ýylda Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagyna hem-de özüniň bitaraplyk statusyny yglan etmegine 20 ýyl dolýandygyny bellemek bilen, şol ýyl bu gurama agza ýurtlaryň konferensiýasyny Aşgabatda geçirmekligi teklip etdi.

Tährandaky bu forumyň çäklerinde penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat we ýurduň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen-de duşuşdy.

Bu duşuşyklarda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.
XS
SM
MD
LG