Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk Korpusy Türkmenistandaky işlerini bes edýär


Anna güni Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda iş alyp barýan amerikan Parahatçylyk Korpusynyň Türkmenistandaky işlerini şu ýylyň ahyrynda bes edýändigini mälim etdi.

Ilçihananyň bu baradaky press-relizinde Parahatçylyk Korpusynyň Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri işläp gelýändigi we şu döwrüň içinde bu Korpusyň 740-dan gowrak meýletin işgäriniň iňlis dilini okatmak boýunça we saglygy saklaýyş pudagynda iş alyp barandygy aýdylýar.

Ýöne press-relizde Parahatçylyk Korpusynyň Türkmenistandaky programmalaryny bes etmeginiň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär.

Geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň häkimiýetleri Parahatçylyk Korpusynyň işgärleriniň bir toparynyň ellerinde resmi wizalarynyň bardygyna garamazdan, olaryň ýurda girmeklerine rugsat bermändi.

Şu ýylyň mart aýynda bolsa, bu Korpusyň 6 işgäri öz wizalarynyň uzaldylmandygy sebäpli, Türkmenistany terk edipdi.
XS
SM
MD
LG