Sepleriň elýeterliligi

Bakuwyň eteginde otly bilen ýolagçy awtobusy çaknyşdy


Anna güni Azerbaýjanyň hökümet resmileri Bakuwyň eteginde bir otlynyň ýolagçy awtobusy bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 6 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Bu wakanyň yzy bilen Azerbaýjanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat sekretary “Interfaks” habar agentligine beren interwýusynda 33 adamyň ýaralanandygyny we olardan 8-siniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Şaýatlardan biriniň Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna aýtmagyna görä, wakada ýolagçy awtobusy bir tehniki näsazlyk sebäpli demirýoluň üstünde togtapdyr. Edil şol pursat hem ýokary tizlikde gelýän otly ony süsüpdir.
XS
SM
MD
LG