Sepleriň elýeterliligi

Londonyň sudy Berezowskiniň şikaýatyny kanagatlandyrmady


Anna güni Londonyň sudy orsýetli milliarder Boris Berezowskiniň beýleki bir orsýetli milliarder Roman Obramowiçe garşy şikaýatlaryny kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.

Londonda geçirilen bu sud diňlenişiginde sudýa Elizabet Gloster Berezowskiniň aýyplamalarynda ýeterlik delilleriň ýoklugyna salgylanmak bilen, onuň Abramowiçden kompensasiýa almak baradaky haýyşyny kanagatlandyryp bilmejekdigini yglan etdi.

Boris Berezowskiý özüniň ozalky biznes partnýory Roman Abramowiçi 2000-nji ýyllarda Orsýetiň “Sibneft” kompaniýasyndaky öz aksiýalaryny örän arzan bahadan satmaga mejbur edenlikde aýyplap, onuň özüne 6 milliard dollar kompensasiýa tölemegini talap edýär.
XS
SM
MD
LG