Sepleriň elýeterliligi

Askar Akaýew öz ýalňyşlyklary üçin halkdan ötünç sorady


Anna güni Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Askar Akaýew özüniň bu ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllarynda ykdysady, syýasy we öz şahsy ýalňyşlyklary üçin ötünç sorap, çykyş etdi.

Ol bu barada anna güni Gyrgyzystanyň garaşsyzlygynyň ýyl dönümi bilen baglanyşykly Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda belledi.

Askar Akaýew 1990-2005-nji ýyllar aralygynda garaşsyz Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti bolupdy. 2005-nji ýylyň martynda ol hökümete garşy protest çykyşlarynyň netijesinde wezipesinden çekilipdi. Şondan bärem ol Moskwada ýaşamagyny dowam etdirýär.

Anna günki interwýusynda Akaýew öz döwründe Kurmanbek Bakyýewi premýer-ministriň wezipesine hödürlemeginiň öz goýberen iň uly ýalňyşlygy bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG