Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hazarda ilkinji harby türgenleşik geçirýär


Türkmenistanyň goranmak ministri harby güýçleriň sentýabr aýynyň başynda türgenleşik geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň goranmak ministri harby güýçleriň sentýabr aýynyň başynda türgenleşik geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň resmi mediasy penşenbe güni, ýurduň goranmak ministriniň sözlerine salgylanyp, Hazar deňzinde Türkmenistanyň ilkinji gezek harby türgenleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Bu baradaky maglumatda goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň Türkmenistanyň harby güýçleriniň sentýabr aýynyň başynda Hazar deňzinde harby türgenleşik geçirmäge taýýardygy barada ýurduň prezidentine hasabat berendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň bu harby türgenleşik planlary Hazar deňzindäki energiýa ýataklary boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dawalaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Bu meseleler boýunça Azatlyk Radiosy düýbi Ankarada ýerleşýän Halkara strategiýa barlaglary merkeziniň Ýewraziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary, professor Güner Özkan bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Hazar deňzinde harby-deňiz türgenleşiklerini geçirmek bilen belli bir zady diýjek bolýarmy? Sebäbi mundan öň Baku bilen Aşgabadyň arasynda Hazaryň belli bir sebitleri boýunça diplomatik dartgynlylyk ýüze çykypdy.

Güner Özkan: Hazar deňziniň boýunda bäş sany garaşsyz döwlet bar. Hazar olaryň her biri, esasan hem energiýa serişdeleriniň zapasyny artdyrmak isleýän Türkmenistan üçin, strategiki taýdan juda möhümdir.

Azerbaýjan Hazar deňzindäki “Azeri-Çirag” ýatagynda özleşdiriş işlerini alyp barýar. Muňa-da Türkmenistan eýýäm uzak wagtdan bäri özüniň nägileligini bildirip gelýär. Aşgabat bu sebitdäki käbir energiýa serişdelerine özüniň doly eýeçiliginiň bardygyny öňe sürýär.

Halkara strategiýa barlaglary merkeziniň Ýewraziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Güner Özkan.
Halkara strategiýa barlaglary merkeziniň Ýewraziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Güner Özkan.
Emma geçmişde Türkmenistanyň syýasy we harby taýdan gowşaklygy bu ugurda belli bir üstünlikleri gazanmagyna böwet boldy. Şol döwürler Aşgabadyň edip biläýjek işleri juda çäklidi.

Bu aralykda Azerbaýjan şol sebitdäki energiýa serişdelerini özleşdirmek üçin Orsýetiň we Günbataryň käbir kompaniýalaryny hem çekmegi başardy.

Baku bilen Aşgabadyň arasyndaky dawa diňe “Azeri-Çirag” sebitindäki tebigy resurslar bilen çäklenmän, eýsem “Kepaz” sebiti boýunça hem düşünişmezlikler bar.

Häzir Türkmenistan syýasy we harby taýdan belli bir öňegidişlikleri gazandy. Bu kuwwat entek Hazaryň kenaryndaky beýleki döwletleriň, hususan-da Azerbaýjanyň derejesi bilen deňeşdirilende, pes bolup biler. Emma Aşgabadyň bu ugurdaky tagallalary gitdigiçe artýar.

Ýene-de belläp geçmeli möhüm bir zat, ol hem Türkmenistanyň Eýran bilen özara gowy gatnaşyklary saklaýanlygydyr. Bilşimiz ýaly, Baku bilen Tähranyň özara gatnaşyklarynda belli bir dartgynlylyklar bar.

Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň harby-deňiz türgenleşikleri, esasan, syýasy matlapdan ugur alnyp geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalary näderejede üstünlikli bolar?

Güner Özkan: Men anyk bilemok. Emma her nähili hem bolsa, häzirki geçiriljek türgenleşiklerden belli bir netijeleri çykarmak bolýar. Ýagny, Aşgabat özüne degişli diýip hasaplaýan zatlaryny goramaga gaýratynyň we syýasy isleginiň bardygyny aýan edýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň özara dawasynyň ýitileşmegi bilen, siziň pikiriňizçe, beýleki hazarýaka döwletleri nähili hereket eder?

Güner Özkan: Meniň öňde belleýşim ýaly, Tähran bilen Aşgabadyň gowy özara gatnaşyklary bar. Ýagny, Eýran käbir meselelerde Türkmenistanyň tarapyny tutman biler, ýöne Tähran azeri tarapyny asla goldamaz. Munuň hem özüne ýeterlik sebäpleri bar.

Orsýet barada aýdylanda, ol sebitdäki agalygyny saklamak isleýär. Ol kontrollyk jähtinden seredip, sebitdäki düşünişmezlikleriň harby derejä çenli ýazmagyny islemez. Diýmek, ol Hazaryň boýundaky dawalaryň ýitileşmegine ýol bermez.

Eger-de sebitdäki bolup geçýän zatlar Moskwanyň bähbitlerine garşy işläp başlasa, onda Kreml ýagdaýlara başgaça çemeleşip başlar. Ýöne Hazar boýunça azeri we türkmen dawasy barada aýdylanda, Moskwa hiç bir tarapa hem artykmaç goldaw bermezmikä diýip çaklaýaryn. Ol bu meselede, esasan, araçy bolup hereket eder.

Gazagystan hem Orsýetden tapawutly hereket eder diýip çaklamok.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dörän dartgynly ýagdaýlardan nähili çykalga ýollaryny görýärsiňiz?

Güner Özkan: Bu ýerde başa baraýjak ýeke-täk zat, bu özara gepleşiklerdir. Meniň pikirimçe, bu dawa eýýäm uzaga çekdi. Ýurtlar döwlet garaşsyzlygyny alanda başlanan özara düşünişmezlik gitdigiçe dartgynlaşyp barýar.

Eger-de taraplar özara ylalaşyga gelip bilmän, ýagdaýlar hem has erbetleşip başlasa, onda regiondaky uly güýçler, ýagny Eýran bilen Orsýet hökman bu ýagdaýlara goşularlar. Hazarda uly dawanyň turmagy ne Eýranyň ne-de Orsýetiň bähbidine bolar.
XS
SM
MD
LG