Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: amerikan uçarynyň hüjüminde 5 söweşiji öldi


Şenbe güni Pakistanyň razwedka gullugynyň resmileri Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň amala aşyran hüjümlerinde bäş sany ýaragly söweşijiniň ölendigini habar berdiler.

Resmiler bu hüjümde azyndan ýedi sany raketa okunyň atylandygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, amerikan uçarlarynyň bu hüjümi Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän Demirgazyk Weziristan regionynda geçirilipdir.
XS
SM
MD
LG