Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Siriýada yza çekilişligiň ýerliksiz boljagyny aýdýar


Şenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow käbir daşary döwletleriň Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýurduň şäherlerinden çykarylmalydygy barada edýän talaplaryny ýerliksiz talaplar diýip atlandyrdy.

Moskwanyň Halkara gatnaşyklary institutynda eden bu baradaky çykyşynda Sergeý Lawrow hökümet güýçlerini şäherlerden çykaryp, oppozision söweşijileriň bu şäherlere girmeklerine garaşyp durmaklygyň türkanalyk boljakdygyny aýtdy.

Ol “beýle talaby öňe sürýän adamlar ýa-ha türkana, ýa-da bu ýerde nähilidir bir prowokasiýa bar” diýip belledi. Şeýle hem, ol Siriýanyň režimi tarapyndan beýle hereket etmekligiň birtaraplaýyn kapitulýasiýa boljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG