Sepleriň elýeterliligi

Eýran: sammitiň delegatlary Eýrany goldap, deklarasiýa kabul etdi


Şenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan halkara guramanyň üç günlük sammiti öz işini tamamlady.

120 ýurdy öz içine alýan bu guramanyň wekilleri sammitiň ahyrynda Eýranyň parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyny ulanmak hukugyny goldaýan deklarasiýa hem kabul etdiler.

Bu wakanyň öňýany BMG-niň atom agentligi ýadro ýarag synagyna degişli tejribeleriň geçirilýän ýeridir diýlip güman edilýän Tähranyň etegindäki bir harby merkezde barlaglaryň geçirilmegine päsgelçilik döredilýändigini aýdyp, muny tankyt etdi.

Mundan daşary, BMG-niň atom agentligi özüniň soňky hasabatynda Eýranyň “Fordow” diýlip atlandyrylýan ýadro merkezinde urany baýlaşdyrmak işleriniň görnetin ýokarlanandygyny-da öňe sürdi. Eýranyň häkimiýetleri bu aýyplamalary esassyz diýip atlandyrýarlar.
XS
SM
MD
LG