Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: NATO-nyň bazasynyň golaýynda 12 adam öldürildi


Şenbe güni Owganystanyň resmileri NATO-nyň harby bazasynyň golaýynda 2 sany janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda 4 sany polisiýa işgäri bilen 8 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini mälim etdiler.

Wardak welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Şahidullah Şahed bu partlamalaryň şu welaýatyň Saed Abad etrabynda amala aşyrylandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bu wakada koalision güýçleriň-de 2 esgeri ýaralanypdyr.

Partlamalardan birinde NATO-nyň harby bazasynyň golaýyndaky söwda bazarynda ýykan-ýumrançylyklaryň dörändigi aýdylýar. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG