Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Bilim we student ýaşlar güni bellenilip geçilýär


Şenbe güni Türkmenistanda täze okuw ýylyna gabatlanylyp, Bilim we student ýaşlar güni bellenilip geçilýär. Şu gün Türkmenistanda 100 müňden gowrak çaga orta mekdepleriň 1-nji klasyna gadam basdy.

Bu baýramçylyk mynasybetli şenbe güni prezident G.Berdimuhamedow ýurduň magaryf işgärlerine we ýaşlaryna gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Gutlag ýüzlenmesinde ol ýurduň milli bilim sistemasynda döwrebap reformalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtapdyr.

Muňa mysal hökmünde bolsa, ol häzirkizaman tipli täze ýokary okuw jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ulanylmaga tabşyrylýandygyny, okuw jaýlarynyň täze kompýuterler we okuw-tehniki emjamlary bilen enjamlaşdyrylýandygyny we internetiň-de elýeterli edilýändigini belläpdir.

Emma muňa garamazdan, käbir halkara guramalary internetiň elýeterlilik meselesinde ozalky postsowet ýurtlarynyň arasynda Türkmenistanyň iň yzdaky orunlardadygyny aýdyp, bu ýagdaýy tankytlap gelýärler.
XS
SM
MD
LG