Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: ermeni ofiserini öldüren ofiseriň çini beýgeldildi


Azerbaýjanly ofiser Ramil Safarow Wengriýadan Bakuwa gelen pursady žurnalister bilen gürleşýär. Baku, 31-nji awgust, 2012.
Azerbaýjanly ofiser Ramil Safarow Wengriýadan Bakuwa gelen pursady žurnalister bilen gürleşýär. Baku, 31-nji awgust, 2012.
Şenbe güni Azerbaýjanyň hökümeti Ermenistanyň bir ofiserini öldürmekde aýyplanyp, Wengriýada ömürlik tussaglyk berlen we anna güni Bakuwa ekstradisiýa edilen azeri ofiseriniň harby çinini beýgeltdi.

Azerbaýjanyň goranmak ministri Safar Adiýew şenbe güni azerbaýjanly leýtenant Ramil Safarowa maýor çinini gowşurdy we oňa geljekki harby karýerasynda üstünlikler arzuw etdi.

Bu wakanyň öňýany, anna güni bolsa prezident Ylham Alyýew Wengriýadan ekstradisiýa edilen Ramil Safarowyň günäsini geçmek barada perman çykardy. Netijede Safarow dessine tussaglykdan boşadyldy.

Ramil Safarow 2004-nji ýylda NATO-nyň Wengriýada geçirýän harby okuwy wagtynda ermenistanly ofiser Gurgen Margarýany paltalap öldüripdi.

 Ramil Safarow Wengriýadan Bakuwa bardy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:00 0:00

Azerbaýjanyň Wengriýadaky ilçisi Wilaýet Guliýew Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyna beren interwýusynda Ramil Safarowyň Azerbaýjana berilmegini prezident Alyýewiň şahsy diplomatik üstünligi diýip häsiýetlendirdi.

Bu wakanyň yzy bilen Ermenistanyň hökümeti azerbaýjanly ofiseriň Wengriýadan Bakuwa tabşyrylmagyny ýazgardy we muňa protest hökmünde özüniň Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtadýandygyny yglan etdi.

Şenbe güni ýüzlerçe protestçi Wengriýanyň Ýerewandaky ilçihanasynyň öňüne ýygnanyp, piket geçirdi. Protestçiler Wengriýanyň baýdagyny ýakdylar we ilçihananyň binasyna garşy ýumurtgadyr pomidor zyňdylar.

Azerbaýjanyň ofiseri Ramil Safarow ermeni ofiserini öldürendigi üçin 2006-njy ýylda Wengriýanyň sudy tarapyndan ömürlik türme tussaglygyna höküm edipdi.

Wengriýanyň häkimiýetleri Ramil Safarowy Bakuwa tabşyrmak meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde azeri tarapynyň ony Azerbaýjanyň türmesinde tussaglykda saklamaklyga söz berendiklerini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG