Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horwatiýanyň ozalky premýer-ministri jenaýatda aýyplanylýar


Ýekşenbe güni Horwatiýanyň prokuraturasy ýurduň ozalky premýer-ministri Iwo Sanadere garşy resmi jenaýat aýyplamasynyň bildirilendigini mälim etdi.

Horwatiýanyň prokuraturasy ony jaý söwdasy bilen baglanyşykly maliýe galplyklarynda aýyplaýar.

Prokuraturanyň resmileri Iwo Sanaderiň we onuň ozalky üç sany kömekçisiniň hökümet fondlaryny ulanyp, birnäçe jaýy öz bazar bahasyndan has ýokary bahalardan satyn almak arkaly, millionlarça dollarlyk maliýe galplyklaryny amala aşyrandyklaryny aýdýar.

Iwo Sanader 2003-2009-njy ýyllar aralygynda Horwatiýanyň hökümetine ýolbaşçylyk edipdi.
XS
SM
MD
LG