Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mali: yslamçylar aljirli diplomaty öldürendiklerini aýdýarlar


Ýekşenbe güni Malidäki bir radikal yslamçy toparyň sözçüsi zamun alnan aljirli diplomat Tahar Touatini öldürendiklerini mälim etdi.

Aljirli bu diplomat şu ýylyň aprelinde bu radikal topar tarapyndan zamun alnypdy.

Radikal yslamçylar aljirli diplomatyň öldürilmeginiň sebäbini bu toparyň üç sany agzasynyň Aljiriň türmesinden goýberilmeýändigi bilen düşündirýärler.

Aljiriň Daşary işler ministrligi häzirki wagt bu soňky maglumatyň derňelýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG