Sepleriň elýeterliligi

Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň wekiliniň tankydyny ret etdi


Ýekşenbe güni Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky ozalky ilçisi Jose Manuel Pinto Teýşeranyň tankydy garaýyşlaryny ret etdi.

Jenap Teýşera soňky dört ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainadaky ýörite ilçisi hökmünde iş alyp barypdy we ýakynda ol bu wezipeden gitdi.

Geçen hepde ol “Ukrainskaýa prawda” gazetine beren interwýusynda Ýuliýa Timoşenkonyň tussag edilmegini we ýurduň saýlawlar baradaky kanunyna girizilen üýtgetmeleri tankyt etdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleg Woloşin Jose Manuel Pinto Teýşeranyň bu tankytlaryny ýerliksiz sözler diýip atlandyrdy we ýakyn wagtlarda onuň ornuna bütinleý başga bir şahsyýetiň geljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG