Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we Demirgazyk Koreýa hyzmatdaşlyklary güýçlendirmekçi


Şenbe güni Demiragazyk Koreýa bilen Eýran ylym we tehnologiýa boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek barada ylalaşyklara gol çekdiler.

Bu barada “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan halkara guramanyň Tähranda geçirilen sammitiniň yzýany Demirgazyk Koreýanyň hökümetiniň ýörite wekili Kim Ýong-Nam bilen prezident Mahmud Ahmedinejat Tähranda gepleşik geçirdi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasy bu gepleşiklerde “anti imperialistik we anti Amerika frontunda” bilelikde hyzmatdaşlyk etmek meseleleri barada maslahat edilendigini habar berýär.

Maglumata görä, şol gepleşikleriň netijesinde-de, tehnologiýa hyzmatdaşlyklary boýunça özara ylalaşyklara gol çekilipdir.
XS
SM
MD
LG