Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Aşgabatda täze nebit we gaz instituty açyldy


Şenbe güni Bilim we student ýaşlar gününe gabatlanyp, Aşgabatda täze ýokary okuw jaýynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze açylan Türkmen Döwlet nebit we gaz instituty 5 okuw korpusyndan ybarat bolup, ol bir wagtyň özünde 3 müň sany studentiň okap bilmegi üçin niýetlenen. Ýöne häzirki wagt bu täze instituta anyk näçe studentiň kabul ediljekdigi barada maglumat berilmeýär.

Resmi maglumata görä, nebit we gaz institutynda studentler 7 sany fakultetde, ýagny nebit we gaz, geologiýa, himiki tehnologiýa, ykdysadyýet we dolandyryş, energetika we inženerlik tehnikasy, nebit senagaty hem-de hünärleri kämilleşdiriş fakultetlerinde bilim alarlar.
XS
SM
MD
LG