Sepleriň elýeterliligi

Adam hukuklary boýunça gurama Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyny tankytlady


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (SCO) onuň agzalary tarapyndan “adam hukuklaryny bozmak üçin gural” hökmünde ulanylýar diýip, düýbi Parižde ýerleşýän Adam hukuklary boýunça halkara federasiýasynyň (FIDH) hasabatynda aýdylýar.

Duşenbe güni ýaýradylan şol hasabatda “Şahnaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary onuň arkasyna duwlanyp, halkara derejesinde ykrar edilen adam hukuk normalaryny berjaý etmeýärler” diýlip nygtalýar.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň konwensiýasyna laýyklykda, terrorizmde şübhelenýän islendik adam, guramanyň agza ýurtlaryndan ekstradisiýa edilip bilinýär. Duşenbe güni ýaýradylan hasabatda, bu düzgüniň daşary ýurda gaçyp baran dissidentleri yzarlamak üçin ulanylyp bilinýändigine üns çekilýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň düzümine Orsýet, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlar girýär.
XS
SM
MD
LG