Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda dine şek ýetirmekde aýyplanýan gyzyň diňlenşigi yza süýşürildi


Pakistanda dine şek ýetirmekde aýyplanýan bir hristiýan gyzy ýene-de azyndan anna gününe çenli tussaglykda saklanar.

Duşenbe güni Yslamabadyň sudy diňlenşigiň 7-nji sentýabra çenli süýşürilýändigini yglan etdi. Muňa aklawçylaryň özara düşünişmezligi sebäp boldy.

14 ýaşly Rimşa Masih mundan 2.5 hepde ozal Yslamabatda tussag edilipdi. Ol Gurhanyň sahypalaryny otlamakda aýyplanýar.

Pakistanyň kanunçylygyna görä, munuň üçin ölüm jezasy hem berlip bilinýär.

Bu aralykda, gyza aýyplama bildirýan ymamyň özüne hem aýyplama bildirildi. Onuň gyzyň işi boýunça galp delilleri getirendigi aýdylýar.

Berilýän maglumata görä, Khalid Çişti sebitdäki hristiýanlary çykarjak bolupdyr. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary iňkär edýär.
XS
SM
MD
LG