Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan özüniň Minskidäki ilçisini wezipesinden boşatdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurduň Belarusdaky ilçisi Erik Asanalyýewi wezipesinden boşatdy. Muňa hiç hili resmi düşündiriş berilmedi.

Mundan bir hepde ozal Bişkek özüniň Minskidäki ilçisini “konsultasiýalar üçin” yzyna çagyrypdy. Mundan öň, Belarus Gyrgyzystanyň ozalky prezidentiniň dogany Janyş Bakyýewi ekstradisiýa etmek boýunça Bişkegiň eden haýyşyny duşundan geçiripdi.

Ýakynda Janyş Bakyýewiň Minskide surata düşürilendigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Janyş Bakyýewa Gyrgyzystanda jenaýat aýyplamalary ýöňkelýär.

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew 2010-njy ýylda häkimiýetden çetleşdirilenden soň, Belarusa gaçyp barypdy.
XS
SM
MD
LG