Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Aleppo edilen howa hüjüminde azyndan 18 adam öldi


Siriýada hökümetiň harby uçarlary Aleppo welaýatynda gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki şäheri bombalanlarynda azyndan sekiz adam öldi. Bu barada Siriýanyň oppozisiýa aktiwistleri maglumat berýär.

Al-Bab şäherine amala aşyrylan bomba hüjüminde ölenleriň arasynda aýallaryň we çagalaryň hem bardygy bellenilýär. Wakada heläk bolanlar barada başga garaşsyz çeşmelerden maglumat alyp bolmady.

Aktiwistleriň sözlerine görä, awgust aýynda hökümet güýçleriniň gozgalaňçylary harby uçarlardan atyp başlanlaryndan bäri, 5 müň töweregi adam ölüpdir
XS
SM
MD
LG