Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Peşawar partlamasynda iki amerikan ýaralandy


Pakistan, Peşawar partlamasynyň bolan ýeri. 3-nji sentýabr, 2012.
Pakistan, Peşawar partlamasynyň bolan ýeri. 3-nji sentýabr, 2012.
Amerikanyň Pakistandaky ilçihanasy Birleşen Ştatlaryň Peşawardaky konsulhanasynda işleýän iki amerikalynyň ulaglary bomba hüjümine uçranda ýaralanandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň beýanatynda duşenbe güni owgan serhetine golaý ýerde bolan hüjümde Peşawardaky konsulhananyň iki sany pakistanly işgäriniň hem ýaraly bolandygy aýdylýar.

Beýanatda “görnetin terror hüjuminde” Birleşen Ştatlaryň ulagy nyşana alyndy we ýaralanan iki amerikan bilen iki pakistanly bejergi alýar diýilýär.

Biraz öň pakistan resmileri janyndan geçeniň ulaglaryna eden bomba hüjümi netijesinde azyndan üç adam, şol sanda iki amerikan öldürildi diýipdiler.

Gapma-garşylykly habarlar bada-bat aýdyňlaşdyrylyp bilinmedi.

Partlamada 19 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nulandyň beýanatynda Waşingtonyň bu işi eden adamlary jogapkärçilige çekmek üçin doly derňew geçirmekde pakistan häkimiýetleri bilen işleşmäge taýýardygy aýdylýar.

Bu partlama Peşawaryň iň bir howpsuz künjeginde, daşary ýurt guramalarynyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň konsulhanasynyň we BMG-niň edarasynyň ýerleşen ýerinde boldy.

Partlama şaýat bolan howpsuzlyk işgäri Hazrat Aly öz gören zatlary barada şeýle diýdi:

“Partlama sagat 9:05-de boldy. Men daş çykamda daşary ýurtlularyň süren maşynyny gördüm. Bir daşary ýurtly ot içinde lowlap ýanýardy, başga bir ýaraly bolsa, özüni maşyndan daşaryk oklady.”

Ýakyndaky bir hassahananyň adyny aýtmadyk doktory partlamada ölenler we ýaralananlar barada şeýle diýdi:

"Biz 21 hassany kabul edip aldyk. Şolaryň 19-sy ýaraly, ikisi öli. Olaryň arasynda aýallar we çagalar hem bar. Ýaralylaryň segsen prosenti agyr ýagdaýda."

Uly derejeli polisiýa ofiseri Javed Han nyşana alnan ulagyň ýanyndan amerikan pasportunyň tapylandygyny aýtdy.
Peşawarda bolan partlamadan bir görnüş. 3-nji sentýabr, 2012.
Peşawarda bolan partlamadan bir görnüş. 3-nji sentýabr, 2012.

Ýerli telewideniýe doly weýran bolan we ýanan “SUV” ulagyny görkezdi. Resmiler munuň bomba partlamasynda weýran bolan amerikan ulagydygyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, bu ulaga amerikan konsulhanasyndan çykyp gaýdanyndan soň hüjüm edilipdir.

Hüjüme kimiň jogapkärdigi bada-bat belli bolmady. Ozal şuňa meňzeş hüjümlerde pakistan “Talybany” günälenýärdi.

Khyber Pakhtunkhwa welaýatynyň maglumat ministri Mian Iftikhar Hussain AFP habar gullugyna “bu terrorçylar tarapyndan ädilen howply ädim, olar daşary ýurtlulary dowla salmak isleýärler” diýdi.

Pakistanyň ýarym awtonom tire sebitinde ýerleşýän Peşawar ýurtdaky “Talyban” we “Al-Kaýda” jeňçileriniň esasy gaçybatalgasy bolup durýar. Soňky ýyllarda bu şäherde onlarça partlama boldy. Emma, Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň gören töwerekleýin howpsuzlyk çäreleri sebäpli, amerikan nyşanalaryna degişlilikde seýrek hüjüm edilýär diýip hasaplanýardy.
XS
SM
MD
LG