Sepleriň elýeterliligi

“Pussy Riot” toparynyň agzalary ötünç soramajakdyklaryny aýtdylar


Orsýetde aýal-gyzlardan düzülen “Pussy Riot” pank toparynyň tussaglyga höküm edilen üç agzasy prezident Wladimir Putini ýazgaryjy kinaýaly protest aýdymyny aýdandygy üçin, ýurduň telewideniýesinde ötünç soramajakdygyny aýtdy. Mundan öň olara aýdan aýdymlary üçin ötünç soramaga teklip edilipdi.

Orsýetde gidýän “Adam we kanun” atly gepleşigiň dolandyryjylary “Pussy Riot” toparynyň agzalaryna ötünç soramaklaryny teklip edipdiler. Eger-de olar ötünç sorasa onda telekanalyň ýolbaşçylary toparyň agzalaryna berlen 2 ýyl türme tussaglygynyň kemeldilmegi üçin basyş etjekdiklerini aýtdylar.

“Pussy Riot” pank toparynyň agzalarynyň aklawçysy Nikolaý Polozow duşenbe güni çykyş edip, öz müşderileriniň bu teklibi ret edýändiklerini mälim etdi.

“Pussy Riot” pank toparynyň üç agzasy “dini ýigrenje esaslanýan huligançylykda” günäli tapylypdy.
XS
SM
MD
LG