Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ABŞ-nyň konsullygynyň ulagyna hüjüm edildi


Pakistanyň Peşawar şäherinde ABŞ-nyň konsullygynyň ulagyna edilen hüjümde iki sany ABŞ-nyň raýat ýaralandy. Bu barada ABŞ-nyň Pakistandaky ilçihanasy maglumat berýär.

Duşenbe güni amala aşyrylan hüjümde konsullykda işleýän başga-da iki pakistanlynyň ýaralanandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň Pakistandaky ilçihanasynyň ýaýradan beýanatynda munuň “terroristik hüjüme çalym edýändigi” nygtalýar.

Mundan öň, şuňa meňzeş hüjümleri amala aşyrmakda Pakistanyň “Talyban” hereketi aýyplanypdy.
XS
SM
MD
LG