Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede kürt söweşijileri bilen çaknyşykda dokuz esger öldi


Türkiýäniň günorta-gündogarynda kürt seperatistleriniň amala aşyran hüjüminde türk howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan azyndan dokuz adam öldi.

Sirnak welaýatynyň häkimi Wahdettin Ozkanyň sözlerine görä, gozgalaňçylar Beýtussebap şäherine duşenbe güni hüjüm edipdirler. Ozkan çaknyşykda näçe gozgalaňçynyň öldürlendigi barada maglumat bermedi. Emma, käbir maglumatlarda 20 töweregi seperatistiň öldürlendigi aýdylýar.

Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň (PKK) wekilleri kürt awtonomiýasy ugrunda, 28 ýyla golaý wagt bäri söweşip gelýärler.

PKK 1984-nji ýylda eline ýarag alyp, göreşip başlady. Şondan bäri, çaknyşyklarda 40 müňe golaý adam öldi.
XS
SM
MD
LG