Sepleriň elýeterliligi

Parahatçylyk korpusy Türkmenistany terk edýär


Türkmenistan-Parahatçylyk Korpusynyň meýletinçisi sapak geçirýär

Türkmenistan-Parahatçylyk Korpusynyň meýletinçisi sapak geçirýär

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagtlap iş alyp baran Parahatçylyk korpusy 2012-nji ýylyň aýagyna çenli ýurtdaky işini bes eder.

Dünýäniň ýüzden gowrak ýurdunda işlän Birleşen Ştatlaryň Parahatçylyk korpusy Türkmenistanda alyp baran işlerini “örän üstünlikli” hasap edýär. Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 31-nji awgustda ýaýradan resmi maglumatynda şeýle diýilýär:1993-nji ýyldan bäri saglyk, durmuş boýunça sapak beren we iňlis dilini okadan 740-dan gowrak meýletinçiler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda işlediler we ýaşadylar. Parahatçylyk korpusy medeni, alyş-çalyş we ösüş ugurlaryndan öz maksatnamalary örän üstünlikli boldy diýip hasap edýär”.

Şeýle-de resmi maglumata görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 18 sany meýletinçi işleýär. Olar alyp barýan işlerini sentýabr aýynda tamamlarlar, Parahatçylyk korpusynyň Aşgabatdaky edarasy bolsa dekabr aýynda ýapylar.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasy 20 ýyla golaý wagtlap Türkmenistanda işlän Parahatçylyk korpusynyň bu ýurtda öz işini bes etmeginiň sebäplerini düşündirmedi.

Meýletinçileriň kynçylygy

Parahatçylyk korpusynyň işgärleriniň Türkmenistanabarmagy bilen bagly kynçylyklar soňky ýyllaryň dowamynda ençeme sapar ýüze çykypdy.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň häkimiýetleri Parahatçylyk korpusynyň işgärleriniň bir toparyna, ellerinde resmi wizalaryň bardygyna garamazdan, ýurda girmeklerine rugsat bermändi.

Şu ýylyň mart aýynda, bu Korpusyň 6 işgäri öz wizalarynyň uzaldylmandygy sebäpli Türkmenistany terk edipdi.

Parahatçylyk korpusynyň meýletinçileriniň Türkmenistana wagtynda baryp bilmänligi bilen bagly kynçylyklaryň 2009-njy ýylda hem ýüze çykanlygy habar berilýär.

Bu wakalaryň sebäpleri türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi taýdan düşündirilmändi.

Missiýanyň maksady

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň press-relizine görä, Parahatçylyk korpusy 1961-nji yylda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti John Kennedi tarapyndan üç maksady göz öňünde tutup esaslandyrylypdy. Gyzyklanma bildiren ýurtlaryň halklaryny hünärmenler bilen üpjün etmek, meýletinçileriň üsti bilen şol halklary amerikanlar bilen ýakyndan tanyşdyrmak we öz gezeginde amerikanlary şol halklar bilen ýakyndan tanyşdyrmak ýaly maksatlar göz öňünde tutulypdy.

Resmi maglumata görä, esaslandyrylaly bäri Parahatçylyk korpusynyň 200 müňden gowrak meýletinçisi dünýäniň 139 ýurdunda işledi.
XS
SM
MD
LG