Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sintetiki başatgyçlar täjik aýallaryny hassa edýär


Kulýabda onlarça täjik aýaly Hytaýdan getirilen sintetiki başatgyçlar zerarly deri kesellerine uçrady.
Kulýabda onlarça täjik aýaly Hytaýdan getirilen sintetiki başatgyçlar zerarly deri kesellerine uçrady.
Başatgyç meselesi Täjigistanyň dürli derejedäki resmi ýolbaşçylary üçin täzelik däl.

Zenanlaryň ulanýan dini başatgyçlary öň iş ýerlerinde kabul edilmän, pasport suratynda hemem mekdeplerde gadagan edilipdi.

Häzirki wagtda başatgyç ýene-de gün tertibinde duran mesele. Maglumatlara görä, bu gezek Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän Kulab şäherinde birnäçe zenan başatgyç zerarly peýda bolan deri keselinden kösenýär.

Täjigistanyň günortasyndaky Kulýab şäheriniň lukmanlarynyň aýtmagyna görä, olar soňky hepdelerde tutuş boýunlary we elleri gijilewükli, şeýle hem deriniň azmagy zerarly iriňlän ýaraly örgünler sebäpli keselhana ýüzlenipdirler.

Lukmanlaryň derňewi

"Şu güne çenli şol bir wagtda şol bir meňzeş alamatlar bilen kesellän adamlaryň beýle köpüsine duş gelmändik, şol sebäpli hem biz problemanyň düýp sebäbini tapmak maksady bilen kiçi derňew geçirmeli diýen karara geldik" diýip, Kulýabyň deri keselleri boýunça ýöriteleşdirilen regional hassahanasynyň ýolbaşçysy Alikon Muradow aýtdy.

Derňewler bu kesele sintetiki matalardan öndürilip, Hytaýdan import edilýän başatgyçlaryň sebäp bolýandygyny görkezdi.

"Biziň geçiren derňewlerimize görä, bu deri keseliniň peýda bolmagyna şu sintetiki matalar sebäp bolupdyr. Köplenç deriniň gijeýän bölegi azyp ýara öwrülipdir. Şonuň üçin biz öz näsaglarymyza sintetiki matalardan gaça durmaklaryny maslahat berdik" diýip, Murodow aýtdy.

Kulýab howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan hem geçýän juda yssy tomus aýlary bilen tanalýar. Howa geçirmeýän matalar yssy howa bilen bilelikde aýylganç deri keselleriniň döremegine sebäp bolýar.

Saglyk we nyrh meselesi

Kulýabyň ýaşaýjysy Madina Jabbarowanyň aýtmagyna görä, onuň boýnunyň töweregindäki örgünler we gijilewük tomsuň başynda döräpdir.

"Yssy howada derlemegiň netijesinde ol has hem erbetleşip bilerdi" diýip, deri keseli doly infeksiýa öwrülen Jabbarowa aýtdy.

Kulýabdaky başatgyç atynýan beýleki zenanlar ýaly, Jabbarowa hem Hytaýda öndürilen elýeterli nyrhdaky dini egin-eşikleri geýýär. Sintetiki matalardan öndürilen ýaglygyň, uzyn köýnegiň we balagyň bilelikdäki bahasy 20 amerikan dollaryna barabar.

Ýöne doktorlaryň görkezmesine görä, häzirki wagtda şeýle harydyň satyn alynmagy gadagan. Muňa derek olar, allergiýa reaksiýalarynyň we deri keselleriniň öňüni almak üçin, zenanlara pagtadan, ýüpekden öndürilen matalary saýlap almagy maslahat berýärler.

Ýöne bu alyjylar üçin aňsat mesele däl. Kulýabyň merkezi bazarynyň söwdagäri Rahime Kaýumowanyň aýtmagyna görä, pagtadan we ýüpekden öndürilen başatgyçlar sintetiki matalardan öndürilen başatgyçlardan bäş esse gymmat.

"Bu görnüşde pagtadan öndürilen başatgyç kän geçenok, şonuň üçin hem men olary köpden alyp, ätiýaçlyk üçin saklamok. Ýöne Hytaýda öndürilen dini geýimlere isleg uly” diýip, söwdagär aýtdy.

Mekdeplerde we döwlet edaralarynda dini başatgyjy atynmagyň resmi taýdan gadagan edilendigine garamazdan, ol Täjigistanyň gündogarynda ýerleşýän Raşit julgesiniň konserwatiw jemgyýetiniň gündelik durmuşynyň bir bölegi bolup galýar.
XS
SM
MD
LG