Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hizbulla” toparynyň lideri özlerinde himiki ýaragyň ýokdugyny aýdýar


Liwanda şaýy söweşijileriniň “Hizbulla” toparynyň lideri Hassan Nasralla özlerinde himiki ýaragyň ýokdugyny aýtdy. Emma eger-de Ysraýyl bilen uruş turan halatynda uly zeper ýetirmäge mümkinçilikleriniň badygyny-da Nasralla sözüne goşdy.

Duşenbe güni Nasralla Liwanyň telewideniýesine interwýu berdi. Şonda ol “Ysraýylyň territoriýasyndaky belli bir desgalara hüjüm edilse, onda gerekli netijeleri gazanyp boljakdygyny” belledi. Çaklamalara görä, Nasralla Ysraýylyň atom reaktorlaryny göz öňünde tutupdyr.

Şeýle-de Nasralla “Hizbulla” toparynyň “Ysraýyldaky ähli nyşanlary urmaga ukyply raketalarynyň bardygyny” hem nygtady.
XS
SM
MD
LG