Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Assanjyň meselesi boýunça gepleşikleriň başlanylmalydygyny aýdýar


Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg çykyş edip, Ekwadora “Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň ykbaly boýunça gepleşiklere “boldugyndan tiz” başlamaga çagyryş etdi.

Assanj jynsy zorluklar bilen bagly aýyplamalar boýunça Şwesiýa ekstradisiýa edilmeginden howatyrlanyp, 19-njy iýundan bäri Ekwadoryň Londondaky ilçihanasynda gizlenýär.

Ekwador Assanja syýasy gaçybatalga beripdi. Emma britan resmileri Assanjyň Londondaky ilçihanadan çykan dessine tussag ediljekdigini aýdýarlar.

Assanj Şwesiýa ekstradisiýa edilenden soň, ABŞ-a tabşyrylmagyndan howatyr edýär. Onuň “Wikileaks” saýty Yrakdaky we Owgansytandaky uruşlar bilen bagly maglumatlary, şeýle-de ABŞ-nyň diplomatik telegrammalaryny köpçülige ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG