Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Belarusdaky internet aktiwistleriniň tussag edilmegine alada bildirdi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusda internetdäki oppozisiýa toparlarynyň ýolbaşçylarynyň tussag edilmegi boýunça özüniň aladasyny bildirdi.

ÝHHG-nyň Media azatlygy boýunça edarasynyň wekili Dunýa Miýatowiç sişenbe güni beýanat ýaýradyp, onda Belarusda tussag edilmeleriň üsti “dissident sesleriň sem edilýändigini we internetdäki erkin pikirlere böwediň goýulýandygyny” belledi.

Geçen hepde Minskde howpsuzlyk güýçleri internetdäki ençeme oppozision toparlarynyň wekillerini tussag edipdi. Berilýän maglumata görä, tussag edilenleriň öýlerinde gözleg işleri geçirilipdir we olaryň käbir kompýuterleri konfiskasiýa edilipdir.

Tussag edilenleriň ikisi, Pawel Ýeutsikhiýeu we Andreý Tkaçýou “kiçi huligançylykda” aýyplanyp, degişlilikde ýedi we bäş gün türme tussaglygyna höküm edildi.
XS
SM
MD
LG