Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Orsýetden, Hytaýdan we Özbegistandan karzyna gaz alar


Gazagystan gyşa taýýarlyk çäreleriniň çäginde 1.2 milliard kub metr tebigy gazy karzyna alar.

Gazagystanyň nebit we gaz ministri Sauat Mynbaýew sişenbe güni çykyş edip, ýeterlik derejede gazy “karzyna almak üçin” Hytaý, Orsýet we Özbegistan bilen degişli ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Mynbaýewiň sözlerine görä, Astananyň Orsýetiň “Gazprom” kärhanasyna geçen ýyldan galan 800 million kub metr tebigy gaz bergisi-de bar. Gazagystanyň bu bergisiniň şu ýylyň noýabrynda tölenjekdigini hem Gazagystanyň nebit we gaz ministri sözüne goşdy.

Nebite baý Gazagystanda gaz gorlarynyň ujypsyzdygy sebäpli, ol özüniň bu ugurdaky harajatlarynyň üstüni goňşy döwletleriň hemaýaty bilen doldurýar.
XS
SM
MD
LG