Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirildi


3-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň energetika we tebigy resurslar ministri Taner Ýyldyz bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dürli ugurlardan, şol sanda Ýewropa tarap eksport etmek üçin ygtybarly we durnukly sistemanyň döredilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkiýe Türkmenistanyň energiýa pudagynyň içerki infrastrukturasyny täzelemek we energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmak boýunça proýektlere aktiw gatnaşmaga taýýarlyk bildirdi.

Şeýle-de duşenbe güni Aşgabada Ýewropa Bileleşiginiň resmi topary bardy. Bu delegasiýa Ýewropa Bileleşiginiň energetika boýunça baş edarasynyň ýolbaşçysy Žan Arnold Winua baştutanlyk edýär.
XS
SM
MD
LG