Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri prezidentine günä geçişlik bilen bagly edilýän tankytlar artýar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew ermeni ofiserini öldürmekde aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen offiseriň günäsini geçendigi sebäpli halkara derejesinde tankyt edilýär.

Budapeştiň sudy Ramil Safarowy 2004-nji ýylda NATO-nyň “Parahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk” programmasynyň çägindäki kurslarda ermenistanly leýtenanty Gurgen Margariýany öldürmekde günäli tapyp, oňa höküm çykarypdy.

Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, ABŞ, Orsýet we Wengriýa azeri prezidentiniň günä geçmesine alada bildirdiler.

Wengriýa Safarowyň türme tussaglygynyň Azerbaýjanda dowam etdiriljegine wada berlensoň, 31-nji awgustda ony azeri tarapyna tabşyrandygyny aýdýar.

Emma Aliýew Safarowyň Baku baran badyna, onuň gunäsini geçdi. Ermenistan resmi protest bildidi we Wengriýa bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtatdy.
XS
SM
MD
LG