Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti apy-tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna bardy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama apy-tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna eden saparynyň dowamynda tebigy betbagtçylyga garşy çäre görmekde döwlet we federal häkimiýetleriniň arasyndaky koordinasiýany makullady.

Obama 3-nji sentýabrda çykyş edip, harasatdan aman galan adamlary gutlady. Obamanyň bu saparyndan öň, Respublikan partiýasyndan prezidentlige dalaş edýän Mitt Romneý hem sebitdäki weýrançylyklary gelip görüpdi.

“Aýzek” diýlip atlandyrylan apy-tupan ýedi adamyň ölümine sebäp boldy. Luizianada 100 müňe golaý adam, Mississippide 11 müňe ýakyn ýaşaýjy we Arkanzasda 5 müň töweregi amerikaly elektrik energiýasyz galdy. “Aýzekden” soňky derbi-dagynlygy arassalamak işleri heniz hem dowam etdirilýär.
XS
SM
MD
LG