Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Alyýew günä geçiş üçin tankyt edilýär


Azerbaýjan goşunynyň ofiseri Ramil Safarow Bakuwyň "Şehitler alleýasynda". 31-nji awgust, 2012.
Azerbaýjan goşunynyň ofiseri Ramil Safarow Bakuwyň "Şehitler alleýasynda". 31-nji awgust, 2012.
Azerbaijanyň prezidenti Ylham Alyýev 2004-nji ýylda ermeni ofiserini paltalap öldüren we ömürlik tussaglyga höküm edilen azeri ofiseriniň günäsini geçeni üçin barha artýan halkara tankydy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ramil Safarow NATO-nyň Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk programmasy tarapyndan gurnalan dil kursuna gatnaşýan mahaly ermeni goşunynyň leýtenanty Gurgen Margariýany öldürendigini boýun alandan soň, 2006-njy ýylda Budapeşt sudy tarapyndan türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Margariýan özüniň Budapeştdäki ýatakhana otagynda uklap ýatyrka öldürilipdi. Merhumyň jesedinde geçirilen barlaglar Margariýanyň ýüzüne palta bilen 16 gezek urlandygyny we kelläniň göwreden gopara golaýlandygyny görkezdi. Wenger polisiýasy Margariýanyň döşünden hem birnäçe gezek pyçaklanandygyny aýdýar.

Wengriýa Safarowyň Azerbaýjana 31-nji awgustda, Bakuw onuň türme möhletiniň saklanjagyna kepil geçenden soň berlendigini aýdýar.

Emma Alyýew, ol Bakuwa gelen badyna, prezident günä geçişini yglan etdi.

Ermenistan muňa formal protest bildirdi we Wengriýa bilen diplomatiki gatnaşyklaryny togtatdy.

Ynama ýeten zyýan

ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary duşenbe güni Parižde Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri bilen aýry-aýrylykda duşuşyp, Safarowyň günä geçişi barada gürrüň edendiklerini habar berdiler.

Diplomatlar beýanatda özleriniň Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadýarowa bu günä geçiş we Azerbaýjanyň Safarowyň jenaýatyny mahabatlandyrjak bolmagy Bakuw bilen Ýerewanyň Dagly-Garabag üstündäki dawasyny parahatçylykly çözmek tagallalaryna zyýan ýetirdi diýendiklerini aýtdylar.

Netijede, bu taraplaryň arasyndaky ynama-da zyýan ýetdi diýip, olar aýtdylar.

Mammadýarow bilen edilen gürrüňe gatnaşanlaryň arasynda Orsýetiň ilçisi Igor Popow, ABŞ-nyň ilçisi Robert Bradtke we fransuz ilçisi Žak Faýur, şeýle-de ÝHHG-nyň gezekli başlygy, polşaly Andreý Kasprzyk dagy boldy.

Orsýetiň daşary işler ministri hem duşenbe güni Safarowyň günäsiniň geçilmegi Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dartgynlyklary gowşatmak ugrunda edilýän halkara tagallalara gapma-garşy gelýär diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katrin Aştonyň sözçüsi Maýa Kosiýansiç hem Brýusellde Alyýewiň günä geçişi barada aladasyny bildirdi.

Ol Wengriýanyň Safarowy Azerbaýjana bermegi barada az durup, ÝB liderleriniň bu barada wenger häkimiýetleri bilen maslahatlaşýandyklaryny aýtdy.

"Biz ýagdaýy ýakyndan synlaýarys we has köp maglumat almak üçin degişli taraplar bilen gatnaşyk saklaýarys. Şeýle-de biz bu wakalaryň sebite has giň täsir ýetirmek ähtimallygyndan alada edýäris. Şu sebäpden Azerbaýjany we Ermenistany, bu ýagdaýyň has dartgynlaşmagynyň öňüni almak üçin, ýerinde we jemgyýetçilik beýanatlarynda sabyr-kanagatlylyk görkezmäge çagyrýarys."

Gizlin ylalaşyk gümany

Kosiýansiç, Budapeşt hem Bakuw arasynda gizlin bir ylalaşyk bar bolmasyn diýen güman sebäpli, Ermenistanyň Wengeriýa bilen diplomatiki gatnaşyklaryny togtatmagy baradaky soraga-da jogap bermedi.

Safarow wenger biznes gazeti, türk lirasynda denominirlenen ýörite çap edilen özygtyýarly obligasiýalary satyn almak bilen, Azerbaýjan Wengriýa 3 milliard ýewro çenli karz berip biler diýen maglumaty ýaýradandan bir hepde soň Bakuwa gaýtarylyp berildi.

“Roýters” habar gullugy hem awgustda Stambuldan Wengriýanyň Türkiýe we Azerbaýjan bilen ýerli pullarda özygtyýarly obligasiýalary çap etmek barada gepleşik geçirýändigini ýazypdy.

Wengriýanyň premýer ministri Orbanyň sözçüsi Peter Szijjarto Safarowyň boşadylmagy bilen Wengriýanyň obligasiýalarynyň satylmak ähtimallygynyň arasynda hiç bir baglanyşygyň ýokdugyny aýdýar.

Şu aralykda, Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Zsolt Nemet Azerbaýjanyň ilçisi Wilaýat Guliýewi çagyryp, Wengriýanyň bu günä geçişi “kabul ederliksiz” hasaplaýandygyny aýtdy.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan “ýarymçyýek çäreleriň we boş gürrüňleriň kabul ederliksizdigini” aýdyp, halkara jemgyýetçiligini “açyk we ikuçsyz hereketlere” çagyrdy.
XS
SM
MD
LG