Sepleriň elýeterliligi

BMG: Geçen aý 100 müňe golaý bosgun Siriýany terk etdi


BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň (UNHCR) berýän maglumatyna görä, awgust aýynda Siriýadaky gazaplylykdan 100 müň töweregi adam goňşy ýurtlara gaçyp barypdyr.

BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assada garşy başlanan gozgalaňdan bäri, bu hasaba alnan iň ýokary görkeziji bolupdyr.

Gurama häzire çenli Siriýadan 235 müňe golaý bosgunyň goňşy döwletlere geçendigini aýdýar.

Bu aralykda, sişenbe güni Halkara gyzylhaç jemgyýetiniň (ICRC) prezidenti Peter Maurer Damaskda prezident Başar al-Assad bilen duşuşdy.

Halkara Gyzylhaç jemgyýetiniň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda Siriýadaky “barha ýaramazlaşýan gumanitar ýagdaý” maslahat ediler.
XS
SM
MD
LG