Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BMG: Geçen aý Siriýadan 100 müň adam gaçdy


Prezident Başar al-Assad (Ç) Halkara Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Piter Maurer bilen gepleşýär. Damask, 4-nji sentýabr, 2012.

Prezident Başar al-Assad (Ç) Halkara Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Piter Maurer bilen gepleşýär. Damask, 4-nji sentýabr, 2012.

BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy uruş-gowga gaplanan Siriýadan awgustda ýüz müň çemesi adamyň goňşy ýurtlara gaçyp atandygyny aýdýar.

BMG-niň Bosgunlar gullugynyň sözçüsi munuň 2011-nji ýylyň martynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan gozgalaňdan bäri bosgunyň iň kän bolan aýydygyny aýdýar.

Bosgunlar baradky gullugyň hasaplamalaryna görä, bu ýurtdan konflikt başlaly bäri gaçan adamlaryň jemi sany 235 müňe ýetdi.

“Örän howply” ýagdaý

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň sözçüsi Melissa Flemiň bosgunlaryň sanynyň awgustda birden beýle ýokarlanmagy Siriýadaky ýagdaýyň “örän howpludygyndan” habar berýär diýdi.

BMG-niň Azyk programmasynyň sözçüsi Elizabet Byrs sişenbe güni žurnalistlere öz gullugynyň şu aý Siriýada esasan uruş gidýän ýerlerde ýiti azyk mätäçligini çekýän bir ýarym million adama kömege ýetişmek üçin gyssagly çäre görýändigini aýtdy.

Siriýanyň oppozisiýa tarapdar aktiwistleri diňe awgust aýynda söweşde ölen adamlaryň sanynyň 5 müň çemesi bolandygyny aýdýarlar. Bu, olaryň tassyklamagyna görä, Siriýada gozgalaň turaly bäri iň kän adam öldürilen aýdyr. Şeýle-de aktiwistler on sekiz aýlyk konfliktiň dowamynda 26 müň çemesi adamyň öldürilendigini öňe sürýärler.

Bosgunlaryň soňky sany baradaky maglumat Halkara Gyzyl Haç komitetiniň prezidenti Piter Maurer sişenbe güni Damaskda prezident Assad bilen duşuşanda peýda boldy.

"Oňyn" gepleşikler

HGHK-niň sözçüsi Hişam Hassan bir sagada golaý dowam eden gepleşik mahalynda Maureriň halkara ynasanperwerlik kanunyna hormat goýmaga çagyrandygyny we söweş gidýän ýerlerde galan adamlara ýardam etmegiň möhümligini nygtandygyny aýtdy.

HGHK-niň sözçüsi bu gepleşikleri “oňyn” diýip häsiýetlendirdi, ýöne başga anyk zatlary aýtmady.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi Assad Maurere özüniň HGHK-niň Siriýadaky işini bu gulluk näçe “bitarap hem garaşsyz” galsa, şonça hem goldaýandygyny aýtdy diýdi.

Başga bir tarapdan, “Roýters” habar gullugy siriýa hökümetiniň ozalky esgerleri gaýtadan işjeň harby gulluga goşulmaga barha kän çagyrýandygyny ýazýar.

Bu gulluk, howpsuzlyk aladalary sebäpli adyny aýtmazlygy soran çeşmelere salgylanyp, soňky iki aýda öňki esgerleriň müňlerçesiniň gaýtadan gulluk etmäge çagyrlandygyny, emma olaryň köpüsiniň muňa razy bolmandygyny aýdýar. Bu maglumat barada resmi tassyknama almak mümkin bolmady.
XS
SM
MD
LG