Sepleriň elýeterliligi

Obama Luiziana ştatyna bardy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama apy-tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna bardy. 3-nji sentýabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama apy-tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna bardy. 3-nji sentýabr, 2012 ý.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna eden saparynda tebigy betbagtçylyga garşy görlen çäreleriň döwlet we federal häkimiýetleriň arasynda utgaşykly alnyp barlandygyny gutlap, taryplady.

Obama tupandan agyr zyýan çeken Baptist St. John buthanasynda duşenbe güni eden çykyşynda şeýle diýdi: "Men betbagtçylyga garşy çäreleri ýola goýan federal gulluga, döwlete we ýerli häkimiýetlere aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Sebäbi geçmişde biziň bular ýaly betbagtçylyklara jogap üçin gerekli bu derejedäki koordinasiýany görmedik mahallarymyz boldy. Emma bu gezek muny amala aşyrmagy başardyk".

2005-nji ýylda Täze Orleanda weýrançylyk döredip, 1800 töweregi adamyň başyna ýeten "Katrina" tupany barada federal häkimiýetler tarapyndan tiz çäre görülmändigi üçin, şol wagtky prezident Jorj Buş berk tankytlanypdy.

"Katrina" ýaly güýçli bolmadyk "Aýzek" tupany zerarly Luizianada azyndan bäş, Mississippide hem iki adam öldi.

"Aşa uly weýrançylykdan" gürrüň eden Obama adamlaryň janyny halas edenleri öwdi: "Halas edilenleriň janyny gutarmakda eden işleri üçin şu ýerdäki adamlaryň hemmesi öwgä mynasypdyr. Mal-mülke ýeten zyýanlar gaty ýokary bolsa-da, adamlar bu howpdan çalt çykyp bildiler. Görşüňiz ýaly, olar indi arassalaýyş işleri bilen meşgul bolup, bolup geçenleri tiz ýeňip geçmek üçin şert döredip ýörler".

Apy-tupan sebäpli Luizianada 100 müň çemesi, Mississippide 11 müňden agdyk, Arkanzasda hem 5 müňe golaý ýaşaýjy elektriksiz galdy.

Käbir ýerlerde sil suwy heniz hem aşak inenok. Müňlerçe adam ýörite döredilen wagtlaýyn lagerlerde ýa-da öz dost-ýarlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň öýünde bolýarlar.

Tupandan ejir çeken Luiziana ştatyna 31-nji awgustda Obamanyň Respublikan partiýasyndan bolan bäsdeşi Mitt Romneý hem baryp gaýtdy. Romneý bu saparyny 6-njy noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynda öz partiýasyndan kandidat görkezilen gününiň ertesi amala aşyrdy.

Demokratlaryň milli gurultaýy bolsa Wirjiniýa ştatynyň Şarlotte şäherinde 4-nji sentýabrda, sişenbe güni, başlanýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG