Sepleriň elýeterliligi

Ekspert “Hazarda ýaraglanyşygyň artdyrylmagy” barada


Soňky döwürde hazarýaka ýurtlarynyň özleriniň harby potensialyny artdyryp başlandygy barada habarlar artýar.

Soňky döwürde hazarýaka ýurtlarynyň özleriniň harby potensialyny artdyryp başlandygy barada habarlar artýar.

Geçen hepde Türkmenistanyň resmi mediasy, ýurduň goranmak ministriniň sözlerine salgylanyp, Hazar deňzinde Türkmenistanyň ilkinji gezek harby türgenleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Bu baradaky maglumatda goranmak ministriniň Türkmenistanyň harby güýçleriniň sentýabr aýynyň başynda Hazar deňzinde türgenleşik geçirmäge taýýardygy barada ýurduň prezidentine hasabat berendigi aýdylýar.

Türkmenistanyň bu harby türgenleşik planlary Hazar deňzindäki energiýa ýataklary boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dawalaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Şeýle-de soňky döwürde hazarýaka ýurtlarynyň özleriniň harby potensialyny artdyryp başlandygy barada habarlar artýar.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew ABŞ-ly žurnalist, Ýewraziýadaky harby meseleler boýunça bloglary ýazýan Joşua Kuçera bilen söhbetdeş bolup, ýokarky meseleler barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: Joşua, siz öz makalalaryňyzyň birinde “Hazarda ýaraglanyşygyň artdyrylmagy” diýen sözlemi getirýärsiňiz, bu barada has anygrak gürrüň berseňiz?

Joşua Kuçera: Muny diýmek bilen men Hazaryň ýakasyndaky ähli bäş ýurduň soňky ýyllaryň dowamynda özleriniň harby-deňiz kuwwatyny artdyryp başlandygyna ünsi çekjek boldum.

Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda harby kuwwat boýunça birinji orunda Orsýet durýar. Onuň regionda Sowet Soýuzyndan miras galan uly harby-deňiz kuwwaty bar. Şeýle-de Orsýetiň 2020-nji ýyla çenli özüniň Hazardaky harby-deňiz potensialyny kuwwatlandyrmak boýunça programmasy bar.

1991-nji ýyldan soň Hazaryň boýunda emele gelen täze üç döwlet, ýagny Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan öz harby-deňiz güýjüni tarpdan gurup başlady diýsek hem ýalňyşmarys. Eýran hem özüniň Hazardaky harby-deňiz kuwwatyny başdan gurup başlady diýip bolar. Sebäbi Tähranyň sowuk uruş döwründe Hazardaky harby güýji ýok diýerlik derejede azdy.

Siziň-de göz ýetirişiňiz ýaly, Hazaryň boýundaky döwletleriň ählisi özleriniň harby kuwwatyny artdyrmak ugrunda işleri alyp barýarlar.

“Hazarda ýaraglanyşygyň artdyrylmagy” diýlende bir zady hökman belläp geçmeli, ýagny bu dünýä derejesinde, sözüň doly manysynda ýaraglanyşykdaky ýaryşy aňlatmaýar. Sebäbi bu ýurtda birnäçe harby gämi bolsa, beýleki döwletde-de şonçaragy bar. Ýöne bu ugurdaky proses dowam edip, gitdigiçe möwjeýär.

Azatlyk Radiosy: Joşua, hazarýaka döwletleriniň her biriniň özleriniň harby-deňiz kuwwatyny artdyrmagyna sebäp näme?

Joşua Kuçera: Hazaryň boýundaky her bir döwletiň bu mesele boýunça öz nukdaýnazary bar.

Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan barada aýdylanda, bärde hökmany belläp geçmeli bir ýagdaý bar. Ýagny, Hazardaky mineral resurslaryň aglabasy şol üç döwletiň aralygynda ýerleşýär. Şunlukda bu üç döwlet özleriniň energiýa resurslaryny goramak üçin, harby-deňiz kuwwatyny artdyrýar.

Orsýet bilen Eýran barada aýdylanda, bu ikisi Hazardaky uly güýç hökmünde häsiýetlendirilýär. Hazarda olara degişli sektorlarda onçakly köp nebit-gaz hem ýok welin, olar özüniň deňizdäki agalygyny saklajak bolýarlar.

Bärde ýene-de bir möhüm mesele bar. Siziň-de bilşiňiz ýaly, Hazaryň boýundaky döwletleriň deňiz araçäkleri heniz hem doly derejede kesgitlenilmedik. Onsoň Hazaryň energiýa serişdelerine baý ýerleriniň üstünde döwletleriň arasyndaky düşünişmezlikler uzak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň bu ugurdaky dawasy muňa gowy mysal bolup biler.

Ýakynda Eýran hem özüniň Hazardaky sektorynda uly nebit goruny tapandygyny yglan etdi. Emma Baku bu ýerleriň özüne degişlidigini öňe sürýär.

Esasy kynçylyk hem Hazaryň ol ýa-da bu sebitiniň kime degişlidigini aýdyňlaşdyrýan anyk resmi bir ylalaşygyň ýoklugynda. Şu sebäpli-de energiýa resurslaryna baý sebitleriň üstünde haçan hem bolsa dawalaryň döremek howatyry bar.

Azatlyk Radiosy: Joşua, siz Hazarda harby-deňiz kuwwaty artdyrmak boýunça ýurtlaryň sanawyny getirip bilersiňizmi?

Joşua Kuçera: Bu ugurda, hiç bir gürrüňsiz, Orsýet ilkinji orunda dur. Moskwa Hazardaky harby-deňiz kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmak ugrunda tagalla edýär.

Orsýetden soň haýsy ýurduň gelýändigini aýtmak dogrudan-da kyn mesele. Orsýetiň bir neşiriniň berýän maglumatyndan çen tutulsa, onda ikinji orunda Türkmenistan dur. Bu barada anyk bir zady aýtmak kyn. Garaz, Hazarda harby kuwwaty boýunça Orsýetden soň ýa Türkmenistan ýa-da Eýran gelýär.

Azerbaýjanyň Hazardaky harby-deňiz güýjüni artdyrmagy boýunça has pes netijeleri görkezýändigini aýtmak bolýar. Baku harby pudagy üçin ummasyz köp pullary çykarýar. Emma bu serişdeleriň aglabasy ýer we howa goşunlaryna harçlanýar. Munuň Hazar meselesi bilen az ilteşigi bolup, bu, esasan, Bakuwyň Ermenistan bilen dawalary sebäpli edilýär.

Ýöne şol bir wagtda Azerbaýjan özüniň deňiz kuwwatyny hem artdyrýar. Eger-de ýadyňyzda bolsa, ýakynda Baku Ysraýyldan ençeme gämi hem satyn alypdy. Ýagny, Baku hem soňky ýyllaryň dowamynda harby-deňiz güýçlerine üns berip başlady.

Azatlyk Radiosy: Joşua, siz makalalaryňyzyň ýene-de birinde Hazarda ýagdaýlaryň harby taýdan dartgynlaşmagyna entek esaslaryň ýokdugyny ýazypdyňyz. Siz ýaňy-da muny belläp geçdiňiz, Hazaryň tebigy resurslaryna baý käbir sebitler boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda bir dawa bar. Soňky aýlaryň dowamynda bu mesele boýunça Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda belli bir derejede diplomatiki dartgynlylyk hem döredi. Bu ýagdaýlaryň fonunda, geçen hepde Türkmenistan Hazarda ilkinji harby türgenleşigi geçirjekdigini yglan etdi. Siz bu ýagdaýlara nähili garaýarsyňyz?

Joşua Kuçera: Hawa, soňky birnäçe aýyň dowamynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda Hazar meselesi boýunça ýagdaýlar ýitileşdi. Beýle ýagdaýlar ýyldan-ýyla bolýar. Şu tomus hem şular ýaly wakalaryň biri boldy.

Edil meniň özüm-ä Türkmenistanyň Hazarda harby türgenleşikleri geçirmek karary bilen Aşgabadyň we Bakuwyň arasyndaky dawalary baglanyşdyrmazdym. Eger-de bir ýurt özüniň harby-deňiz kuwwatyny artdyrýan bolsa, bu adaty bir ýagdaý. Şunlukda bu çäreleriň çäginde şol döwletiň harby türgenleşikleri geçirmegi hem adatdan daşary ýagdaý däl diýip hasaplaýaryn.

Men muňa Azerbaýjana edilen bir yşarat hökmünde garamaýaryn. Ýöne, elbetde, Baku bu ýagdaýlary hüşgärlik bilen yzarlar. Köp adamlar hem muňa soňky birnäçe aýyň dowamynda ýüz beren dartgynly ýagdaýlaryň mazmunyndan ugur alyp baha berer.

Azatlyk Radiosy: Hazarda ýagdaýlaryň has erbetleşip, söweş derejesine ýetmek howpy barmy?

Joşua Kuçera: Men ýagdaýlaryň ýakyn geljekde dartgynlaşyp, söweş derejesine ýeter öýdemok. Ýöne Eýran barada aýdylanda, onuň haýsy matlapdan ugur alyp hereket edýändigini çaklamak kyn. Netijede Tährana belli bir derejede şübheli garalýar.

Eger-de harby taýdan kuwwatly döwletleriň arasynda belli bir meseleler boýunça dawalar bar bolsa, onda düşünişmezlikleriň gitdigiçe artmak howpy bar. Netijede ýagdaýlar kontrollykdan hem çykyp biler.

Ýene-de bir gezek nygtap geçesim gelýär, Hazar barada aýdylanda döwletleriň entek bu deňizde o diýen uly harby-deňiz güýçleri ýok. Meniň pikirimçe, uly söweş turmaz.

Ýöne Hazarda daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň iş alyp barýandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Olaryň hiç biri-de, ýagdaýlaryň ýitileşmeginiň tarapdary däl. Sebäbi netijede olaryň önümçiligine zeper ýetýär. Onsoň bu hem öz gezeginde ýagdaýlaryň has ýitileşmeginiň öňüni alyp biler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG