Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Komissiýasy “Gazpromyň” işini derňeýär


Ýewropa Komissiýasy “Gazprom” kompaniýasyna konkurensiýanyň düzgünlerini bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly güman bildirilýändigini aýdýar.

Ýewropa Komissiýasy “Gazprom” kompaniýasyna konkurensiýanyň düzgünlerini bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly güman bildirilýändigini aýdýar.

Şu hepde Ýewropa Komissiýasy Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň tebigy gaz söwdasy boýunça Merkezi we Gündogar Ýewropanyň bazarlarynda agalyk ediji roly oýnaýandygy bilen baglanyşykly ýörite derňewi ýola goýdy.

Ýewropa Komissiýasy Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropadaky konkurensiýalara böwet bolmak arkaly, ynam meselesi baradaky kanunçylygy bozup-bozmaýandygyny anyklamak isleýär.

“Gazpromyn” tebigy gaz bazarynda agalyk edýän roly bilen baglanyşykly alada döredýän ýurtlaryň hataryna Bolgariýa, Çehiýa Respublikasy, Estoniýa, Wengriýa, Latwiýa, Litwa, Polşa we Slowakiýa girýär.

Alada döredýän zatlar

Ýewropa Komissiýasy bu ugurdaky barlaglaryň barşynda käbir beýleki ýurtlaryň-da bu sanawa girizilmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.

Ýewropa Komissiýasy “Gazprom” kompaniýasyna konkurensiýanyň düzgünlerini bozýan bolmagynyň mümkindigi bilen bagly üç sany meselede güman bildirilýändigini aýdýar.

Hususan-da, “Gazprom” kompaniýasyna Ýewropa Bileleşgine tebigy gazyň erkin akdyrylmagyny çäklendirmekde, konkurent kompaniýalaryň işine böwet bolmakda we nebitiň bahalaryny gazyň bahasy bilen baglanyşdyrmak arkaly, gaza adalatsyz baha kesmekde güman bildirilýär.

Ýewropa Komissiýasynyň metbugat sekretary Antoine Kolombani Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu ugurdaky deslapky barlaglara geçen ýyl başlanandygyny we resmi ýagdaýda derňewleriň ýola goýulmagy üçin şu günki güne çenli ýeterlik maglumatlaryň peýda bolandygyny aýdýar.

Jerime salynmagy mümkin

Ynam meselesi boýunça geçirilýän beýle derňewler üçin anyk bir möhlet bellenilmeýär. Ýöne, şeýle-de bolsa, häzirki resmi derňewleriň gutarnykly netijä gelmegi üçin azyndan birnäçe aý gerek bolar diýlip garaşylýar.

Ýewrokomissiýanyň metbugat sekretary Antoine Kolombani bu resmi derňewleriň netijesinde “Gazprom” kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyny bozupdyr diýen netijä gelinse, onda oňa uly möçberde jerime salynjakdygyny aýdýar.

“Bileleşigiň konkurensiýa baradaky düzgünleriniň bozulan halatynda, Ýewrokomissiýa sanksiýa girizmek, şol sanda jerime salmak ygtyýarlyklaryna-da eýe. Ýöne edil häzirki wagt derňewleriň nähili netije görkezýändigi barada bir zat aýtmakdan ir. Elbetde, Komissiýa öz gezeginde öz-özüňi goramak we günäsizlik prezumpsiýasy baradaky hukuklara hormat goýýar” diýip, Antoine Kolombani ýagdaýy düşündirdi.

Kanunçylyga laýyklykda, haýsydyr bir kompaniýa konkurensiýa baradaky düzgünleri bozmakda günäli tapylan halatynda, Ýewropa Komissiýasy bu kompaniýanyň ýyllyk girdejisiniň 10 prosentine çenli jerime salmak ygtyýarlygyna eýe.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde, haýsydyr bir kompaniýanyň kanun bozmakda aýyplanmazyndan öň onuň Ýewrokomissiýa bilen özara barlyşyga gelmekligine-de ýol berilýär.
XS
SM
MD
LG