Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin elitanyň pensiýa ýaşyny uzaltmakçy


Putiniň göz öňünde tutýan bu kanuny Dmitriý Medwedewiň 2010-njy ýylda ýokary wezipeli kadrlaryň pensiýa ýaşlaryny peseltmek barada amala aşyran reformalaryna bütinleý garşy gelýär.

Putiniň göz öňünde tutýan bu kanuny Dmitriý Medwedewiň 2010-njy ýylda ýokary wezipeli kadrlaryň pensiýa ýaşlaryny peseltmek barada amala aşyran reformalaryna bütinleý garşy gelýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýokary döwlet we hökümet işlerinde işleýän kadrlaryň pensiýa çykmak möhletini 60 ýaşdan 70 ýaşa ýetirmekligi göz öňünde tutýan kanunyň taslamasyny parlamentiň garamagyna hödürledi.

Orsýetiň häzirki prezident administrasiýasy ýokary wezipedäki kadrlaryň pensiýa ýaşyny uzaltmak baradaky özüniň bu planyny ýolbaşçy organlarda professional kadrlara bolan zerurlyklar bilen düşündirýär.

Bu mesele bilen baglanyşykly parlamente hödürlenen kanunyň taslamasynda ýokary wezipelerdäki kadrlaryň pensiýa ýaşyny 60-dan 70 ýaşa ýetirmeklik göz öňünde tutulýar.

Bu göz öňünde tutulýan kanun Orsýetiň ozalky prezidenti Dmitriý Medwedewiň 2010-njy ýylda ýokary wezipeli kadrlaryň pensiýa ýaşlaryny peseltmek barada amala aşyran reformalaryna bütinleý garşy gelýär. Hut şu nukdaýnazardan hem bu täze taslama köpleriň ünsüni özüne çekýär.

“Putine amatly”

Moskwaly syýasy analitik Ýewgeniý Minçenko Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda bu täze ädimiň prezident Putiniň konserwatiw iş dolandyryş stilinden gelip çykýandygyny aýtdy.

“Putine özi bilen bile işläp gelýän adamlar bilen mundan beýlägem bile işleşmek amatly. Putiniň iş stili köp derejede konserwatiw. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý hut şunuň bilen baglanyşykly. Kreml media tarapyndan bu meselä şeýle derejede uly üns berler diýip garaşmandy. Olar bu mesele ümsümlik bilen adamlaryň duşundan geçer öýtdüler. Meniň pikirimçe, bu mesele elitanyň içindäki içerki nägilelikleri artdyrar” diýip, analitik Ýewgeniý Minçenko belledi.

Pensiýa ýaşy bilen baglanyşykly parlamente hödürlenen bu kanunyň taslamasynda hökümet işlerinde işleýän “A” kategoriýasyna degişli kadrlar göz öňünde tutulýar.

Bu kategoriýa ministrler, federal edaralaryň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary, prezidentiň federal regionlardaky we parlamentiň palatalaryndaky ýörite wekilleri, prezident administrasiýasynyň bolüm ýolbaşçylary we prezidentiň maslahatçylary girýärler.

Nogsanlygy düzetmekmi?

Orsýetiň häzirki kanunçylygyna görä, bu wezipedäki çinownikler 60 ýaşdan pensiýa çykýarlar. Ýöne, prezidentiň permany bilen, olar 65 ýaşa çenli hem wezipede galyp bilýärler.

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynda ýurduň elitasy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenýän sosiolog Olga Kriştanowskaýa Dmitriý Medwedewiň elitany juwanlandyrmak maksady bilen geçiren reformalarynyň netijesinde ýokary kadrlaryň ortaça ýaşynyň ozalkylardan ortaça 14 ýaş peselendigini aýdýar.

Emma, beýleki tarapdan, ol bu reformalaryň elitanyň arasynda belli bir bölünişikleri döredip başlandygyny we indi Putiniň häzirki görýän çäreleriniň şol nogsanlyklary düzetmek maksadyndan ugur alýandygyny öňe sürýär.

Sosiolog Olga Kriştanowskaýa prezident Putiniň häzirki öňe süren kanuny taslamasyny şol ýokarky dolandyryjy elitanyň “çaýkanyp başlan gämisiniň çaýkawuny togtatmak” tagallalary hökmünde häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG