Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň Baş sekretary Rasmussen Ermenistana sapara bardy


NATO-nyň maglumatyna görä, ýaranlygyň ýolbaşçysy Anders Fog Rasmussen çarşenbe güni Ermenistana başlanýan iki günlük saparynyň dowamynda, ermeni ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirer.

Bu sapar Ermenistanyň goňşy Azerbaýjan bilen gatnaşyklarynyň has dartgynlaşan döwrüne gabat geldi. Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň 2004-nji ýylda ermeni harbysyny öldürmekde günäli tapylyp, Wengriýada ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen azeri harbysynyň günäsini geçmegi ýagdaýlaryň dartgynlaşmagyna sebäp boldy.

Wengriýa Bakuwyň azeri harbysynyň ömürlik türme tussaglygynyň öz yurdunda dowam etdiriljegi barada wadasyndan soň, tussagy Azerbeýjana berendigini aýdýar.

NATO-nyň yolbaşçysynyň Kawkaz regionyna başlanan saparynyň dowamynda onuň Azerbaýjana baryp-barmajagy entek belli däl. Ermenistan we Azerbaýjan onlarça ýyl bäri Daglyk Garabag regionynyň üstünde dawalaşyp gelýär.
XS
SM
MD
LG