Sepleriň elýeterliligi

Eýran içalyçylykda şübhelenen şahyrlary tussaglykdan azat etdi


Eýran iki azeri şahyryny tussaglykdan boşatdy. Olar maý aýynda içalyçylykda şübhelenip tussag edilipdiler.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, şahyrlar hepdäniň sişenbe güni Eýranyň Tebriz şäherinde Azerbaýjanyň konsulhanasyna tabşyrylypdyr.

Şahyrlar Şahryýar Hajyzadanyň we Farid Husseýnowyň garyndaşlarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, olaryň Bakuwa çarşenbe güni barmagyna garaşylýar.

Geçen aýda Eýranyň habar serişdelerinde bu iki şahyryň Azerbaýjanyň gizlin gulluklary bilen aragatnaşykda bolup, Eýranda köp dissidentleri öz tarapyna çekendikleri habar berilipdi.

Bu wakalar Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda birnäçe meseleler boýunça bar bolan dartgynlylyga gabat geldi. Hususan-da Azerbaýjan Eýrany Bakuwda terrorçylykly hüjümi gurnamak synanşyklarynda aýyplapdy. Şu ýylyň başynda Azerbaýjan 22 adamy içalyçylykda aýyplap tussag edipdi.
XS
SM
MD
LG