Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Siriýa meselesinde Hytaý bilen Orsýetden 'lapykeç bolandygyny' aýtdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň sözlerine görä, Hytaýyň we Orsýetiň Siriýadaky režime garşy has berk sanksiýalary makullamakdan boýun gaçyrýandyklary Birleşen Ştatlarda lapykeçlik döredýär. Bu barada Hillari Klinton çarşenbe güni Pekine eden saparynyň dowamynda žurnalistlere aýtdy.

Klinton Hytaýyň Daşary işler ministri Ýang Jiýeçi bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda, diplomatlaryň Siriýadaky zorlugy bes etdirmek üçin goşmaça basyş gurallaryny ara alyp maslahat edendiklerini aýtdy.

Ýang Hytaýyň Arap ligasynyň täze ilçisi Lahdar Brahiminiň araçylyk tagallalaryny doly goldaýandygyny aýtdy. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Hytaý we Orsýet Siriýada dowam edýän zorlugyň soňuna çykmak üçin, konflikte halkara derejesinde goşulyşmak boýunça has berk çäreleriň görülmegine garşy çykyp gelýärler.
XS
SM
MD
LG