Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda daşary ýurtly esgerlere hüjüm eden ýüzlerçe adam tussag edildi


Owgan resmileri ýüzlerçe owgan esgeriniň tussag edilip goşunyň düzüminden çykarylandygyny aýtdylar. Owgan resmileri NATO-nyň düzümindäki harbylara Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary tarapyndan edilen we barha köpelýän hüjümleri derňeýärler.

Goranmak ministrliginiň wekili general Zahir Aziminiň aýtmagyna görä, bu hüjümler owgan hökümetiniň aladalanmagyna esas döredýär. Ýekşenbe güni amerikan goşunlary özleriniň ýörite güýçleriniň 1 müňe golaý owgan polisiýa işgärini türgenleşdirmegini bes edendigini yglan etdi.

Şu ýyl Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň agzalary azyndan 30 gezek günbatarly ýaranlaryny oka tutdular we azyndan 45 daşary ýurt harbysyny öldürdiler.

“Talyban” hereketiniň gozgalaňçylary bu hüjümleriň köpüsiniň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, öz söweşijileriniň goşuna we polisiýa ornaşdyrylandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG