Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň prezidenti Siriýada ‘özgerişlikler üçin wagtyň gelendigini’ aýdýar


Çarşenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammet Мursi çykyş edip, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýakyn taryhyň sapaklaryndan netije çykarmaly diýdi.

Mursi muny yza tesdirmäge wagtyň galmandygyny we Assadyň giç bolmanka wezipesinden çekilmelidigini aýdy.

Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň Kairde geçirilen duşuşygynda Mursi Siriýadaky konflikti çözmek meselesiniň araplaryň jogapkärçiligindedigini belledi we daşary işler ministrlerini Siriýadaky zorlugy bes etmek üçin çalt herekete geçmäge çagyrdy.

Siriýaly aktiwistleriň sözlerine görä, 18 aý mundan ozal Assadyň režimine garşy gozgalaňlar başlanaly bäri, ýurtda 26 müňden gowrak adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG