Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň we Türkiýäniň liderleri Siriýa barada aladalanýarlar


Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi Siriýanyň prezidentiniň arap dünýäsinde bolup geçen ýakyn taryhy wakalardan sapak almalydygyny aýtdy.

Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi Siriýanyň prezidentiniň arap dünýäsinde bolup geçen ýakyn taryhy wakalardan sapak almalydygyny aýtdy.

Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi çarşenbe güni eden çykyşynda ýaragly konfliktler dowam edýän Siriýada özgerişlikler üçin “wagtyň gelendigini” we prezident Başar al-Assadyň režiminiň häkimiýetden gitmelidigini nygtady.

Kairde Arap Ligasynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynda eden bu çykyşynda prezident Mürsi Siriýanyň prezidentiniň arap dünýäsinde bolup geçen ýakyn taryhy wakalardan sapak almalydygyny aýtdy.

“Meseläni soňa goýmak ýa haýal-ýagallyga ýol bermek ýa wagt ýitirmek üçin indi pursat galmady. Munuň uçin indi pursat ýok. Indi her kim Siriýanyň halkynyň anyk karara gelendigine we bu gelnen karara-da özgerişlikler bilen jogap bermelidigine düşünmelidir” diýip, prezident Mürsi nygtady.

Şeýle hem, prezident Muhammad Mürsi Siriýada indi 18 aý bäri dowam edip gelýän konfliktleriň çözgüdiniň arap ýurtlaryna baglydygyny aýtdy we maslahata gatnaşýan ministrleri bu gandöküşikleriň soňuna çykmak üçin tizden-tiz aýgytly hereket etmeklige çagyrdy.

Erdogan hem muňa goşuldy

Şol gün Siriýanyň goňşusy Turkiýede hem premýer-ministr Rejep Taýýyp Erdogan prezident Başar al-Assady “döwlet terroryny” alyp barýanlykda aýyplap çykyş etdi. Şeýle hem, ol halkara jemgyýetçiligini “musulmanlaryň gyrylmagyna” keseden syn edip oturmakda tankytlady.

Türkiýäniň dolandyryjy “Adalat we Galkynyş” partiýasynyň maslahatynda eden bu çykyşynda ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň we halkara jemgyýetçiliginiň bu meseledäki hereketsizliginiň Siriýanyň režimine köpçülikleýin gyrlyşyklary dowam etdirmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.

“Olar Deraa şäheriniň daşarky dünýä bilen baglanyşygyny tutuş bir hepdeläp kesdiler. Her bir öýe reýd geçirip, olar 300 sany bigünä adamy gyrdylar. Şu meselede olar bilen separatistik terrorçy toparlaryň arasynda hiç hili tapawut ýok. Siriýanyň režimi terror döwletine öwrüldi” diýip, Rejep Taýýyp Erdogan öz çykyşynda nygtady.

Edil häzirki wagt Türkiýe öz territoriýasynda Siriýadan bosup gelen bosgunlaryň 80 müňden gowragyny saklaýar. Türkiýäniň hökümeti Birleşen Milletler Guramasyny Siriýanyň öz territoriýasynda bosgunlar üçin ýörite “howpsuz zona” döretmeklige çagyryp gelýär.

BMG-niň Bosgunlar baradaky edarasy diňe şu geçen awgust aýynyň dowamynda Siriýanyň territoriýasyndan goňşy ýurtlara 100 müň töweregi adamyň bosup çykandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG